ýeke

  1. seret bir1

    • Biz-ä öz leýtenantymyzy bilýäris, ozal bular ikimi, ýekemi, onçasyna beletçiligimiz ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ata-enesiniň ýeke zürýady. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Diňebir, ýalňyz, diňe.

    • Aýnanyň ýeke daşky görnüşi däl, onuň içki gylygy hem birneme üýtgäpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gulluhan, sen ýeke şu gün däl, hemişe ýalňyşýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýeke çykana -- ýeke kesek. (nakyl)

    • Ýekäniň çaňy çykmaz. (nakyl)

    • Ýeke gezen heder eder. (nakyl)

    • Ýeke bolup ýol tapandan, köp bolup azaşan ýagşy. (nakyl)