ýek-tük

Az-owlak, birlän-ikilän, ýek-ýarym, käýerde, seýrek, ujypsyz.

  • Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar ýylpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Örän uzakda, ýer bilen asmanyň birigýän ýerinde ýek-tük bulut görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýek-tük adamlar muňa ynanmaýar.


Duş gelýän formalary
  • ýek-tüki
  • ýek-tüklerden