ýegen

Aýal doganyňdan ýa-da onuň ogul-gyzlaryndan bolan çaga garyndaşlyk taýdan berilýän at.

  • Bu işleriňi bize näme duýduraňok, biziň hem öňünden daýylaryňa, ýegenleriňe habar ýetirmek, taýýarlyk görmek işlerimiz bardy ahyry. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol ýegenini kolhoza saljak bolup, eýläk ylgap, beýläk ylgap, ahyry kolhoza salypdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)