ýegşermek işlik

  1. Garrylyk zerarly bil bükülmek, egilmek.

  2. Agyr zat göterip ýapyrylmak, egilmek, ýegşerilmek.

    • Sebediň agramyna ýegşerip barýan ýaşajyk hammaly gördi. («Pioner» žurnaly)

  3. Göçme manyda Jepa, jebir, sütem zerarly hor düşmek, güýç-kuwwatdan aýrylmak, asgynlamak.

    • Ony açlyk agramy basyp, ýegşerenden soň, Maýsa ýapyşmakdan başga çäresi galmandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)