ýedi san

7 sifriniň ady we onuň mukdary.

  • Ýeri, ýedi ädim sanap belle. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Ýedi ýaşan aty sygyryp suwa ýakma. (nakyl)

ýedi gapyda ýer tapmadyk

seret gapy

ýedi ölçäp, bir kesmek

seret ölçemek

ýedi pyşt

Ýedi arka, ýedi nesil.

  • Sögünç-gargynç bolsa Halnazaryň ýedi pyşdyna çenli ýetipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýedi yklym

Dünýäniň ýüzi, bütin älem.

ýedi ýoluň üstünde irkilmek

seret ýol