ýeňiş at

  1. Uruşda, söweşde duşmandan üstün çykyp gazanylan üstünlik.

    • Ilki başda gozgalaňçylar birnäçe ýeňişler gazandylar. (Gadymy Dünýä Taryhy)

    • Şu durmuşy, şu döwrany, eşreti Oktýabr ýeňşi berkarar etdi. («Pioner» žurnaly)

  2. Işde, zähmetde, her hili sport ýaryşlarynda gazanylýan üstünlik.

    • Zähmetde täze-täze ýeňişler gazanarlar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýeňiş - ýeňşi.

ýeňiş baýdagy

Ýeňşiň, üstünligiň simwoly.

ýeňiş düşümi

«Kimi? Nämäni?» diýen soraglara jogap bolýan düşüm.