ýazzy

ýazzy maňlaýyndan degmek

seret maňlaý

  • Orazgeldiniň duran ýerinden butnaman atan dördünji oky, gaplaňyň edil ýazzy maňlaýyndan degdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

ýazzyňy bermek

Çalt gaçyp gitmek, çalt ylgap gitmek, çapyp gitmek.

  • Ýigit çalasynlyk bilen ýeňlerinden ellerini sogurdy-da, bir gapdaldan geçýän köçä baka ýazzyny berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ýaby gulagyny gyrpyp, birden goşa toýnagy saldy-da, ýazzyny berdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)