ýazylmak1 işlik

  1. Bir zadyň ýüzüne grafiki bellikler, alamatlar şekillendir.

    • Ilmek. Zeliliniň poeziýasy halk dilinde, halka düşnükli dilde ýazylypdyr. («Edebiýat»)

    • Boldy gahrymanym onuň şaýady, Söweş taryhyna ýazylan ady. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Bir zat üçin öz adyňy spisoga goşdurmak, adyň spisoga goşulmak.

    • Kim «Mydam Taýýara» ýazyldy, kim «Tehnika» Žurnalyna. (A. Atajanow, Permanyň mamasy)

  3. Eser döredilmek, bir zadyň teksti düzülmek.

  4. Bir zat hakda hat üsti bilen habar berilmek, beýan edilmek.

  5. Dini söz Dini düşünjä görä: nesip etmek, miýesser bolmak, duşmak.

    • Seniň ýaly maşgala meniň ogluma-da ýazylsyn-da!

ýazylmak2 işlik

  1. Düşelen bolmak, düşek atylmak, düşelmek.

    • Ýazyň mylaýym, Aý aýdyň gijesinde Jonnuk batyr öz çaga-çugalary blen çatmanyň gapysynda ýazylan köne keçäniň üstinde ýatan eken. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)

    • Çaý içilip oturylýan tagta sekileriň üstüne haly düşekler ýazylypdyr. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Gaty açylmak, düýrümi ýazgyn hala öwrülmek; ýaýrap gitmek, ýaýraň halda bolmak, ýaýramak, pytramak.

    • Begtiniň towuklary fermanyň gaýra tarapyndaky ýandaklyk meýdana ýazylyp gidipdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

    • Onuň ganatlary ýazylyp, çünkü açylypdyr, ol örän ýadan we suwsan ýaly bir görnüşdedi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Düýrülýär, ýazylýar ýumry muskuly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Ýylgyrdy, epini düzlenmek, büzülen ýeri tekizlenmek, epini dogrulanmak.

    • Assa-assa ýazylyp kagyz eplemi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  4. Ýaýylyp gitmek, ýaýylmak.

    • Öýüň tüýnüginden düşen tomus güni halynyň çeninde ýazylyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Pagta meýdany ak gülli sarymtyl keçe ýaly bolup, gözýetime ýazylyp ýatyrdy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

  5. Göwrümi giňemek, arkaýynlanmak.

    • Ol oglunyň gaýgysyny çekmän, ýekeje minut hem ýazylyp oturyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  6. Göçme manyda Aýak ýoluna gitmek, meýdan etmek, bukuşmak.

    • Ol ýazylmak üçin daş çykdy.

gaşy ýazylmak

seret gaş1

  • Garyp enä gözüň aýdyň diýeli, Ýazylsyn onuňam çytylan gaşy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Aýsoltanyň gyýma gara gaşlary biraz ýazylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)