ýazykly sypat

[ýa:zykly]

  1. seret günäli

    • Ýok, tüpeňiň ýazykly däl. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Nädogry edilen hereket, iş üçin aýyply, müýnli, garaly.

    • Hakykatyň öňünde özüni ýazykly edip, onuň tapan gürrüňi hem şu boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Indiden beýläk meniň depderimde şeýle pes belgini görmersiň! -- diýip, ýazykly görnüşde jogap berdi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

  3. seret ýazyk

    • Biz ýazyklylara özüň rehim et! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýazyklyja
  • ýazyklylara
  • ýazyklylyk