ýazyk at

[ýa:zyk]

  1. seret günä

    • Mugallym jan, asyl mende ýazyk ýokdur, halha gyzym, göwnediň-de äkidiberiň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Nädogry edilen hereketiň işiň netijesinde ýüze çykan aýyp müýn.

    • Meniň näme günäm, ýazygym bardy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bir ýazykdan är ölmez, hiç ýazyksyz är bolmaz. (nakyl)

  3. Biçäre, pahyr, görgüli.

    • Gurban ýalbardy Näzige sütem etme sen ýazyga. (Çary Aşyr, Ýaş Kilwanyň Ýalňyşy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýazyk - ýazygy.