ýazmak1 işlik

  1. Bir zadyň ýüzüne grafiki bellikleri, alamatlary şekillendirmek.

    • Ol elindäki galamy bilen ak kagyzyň ýüzüne nämedir bir zat ýazandan soň ýene Myradyň ýüzüne seretdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Bir eser döretmek, bir tekst düzmek.

    • Andalyp «Leýli-Mežnuny» ýazmakda halk dilini esas edinýär. («Edebiýat»)

  3. Bir zat hakda hat üsti bilen habar bermek, beýan etmek.

    • Gazetlerde pagtaçylaryň zähmet üstünlikleri hakda ýazýarlar.

  4. Bir zat üçin biriniň adyny spisoga goşmak.

ýazmak2 işlik

  1. Düşäp goýmak, düşek atmak, düşemek.

    • Nurjahan keçä ýazandan soň, demlän çaýyny basyryp goýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garýagdy aga çadyryň işigine brezent ýazýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gözel ýerinden turup, saçagy alyp, Altynyň öňünde ýazyp goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýaýradyp goýmak, pytradyp goýmak, ýaýratmak.

    • Artyk çermelgi ýeňini düýürmelgi balagyny ýazman, alaň samanyň üstüne çykyp garady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Ýygyrdyny düzlemek, büzülen ýerini tekizlemek.

    • Ol galstugynyň ýygrylan ýerini ýazyp başlady. («Mydam taýýar» gazeti)

  4. Gatyny açmak, düýrümini ýazgyn hala öwürmek.

  5. Ökje götermek, gaçmak.

    • Gümmürdi çykan wagty men arkanlygyma ýazdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

aýak ýazmak

seret aýak

bil ýazmak

seret bil

  • Meret bilini ýazdy-da: -- Agşamyna bize gel! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ene igini bir ýana goýup, bükülen bilini ýazdy. (M. Ibrahimow, Ol Günler Geler)

dyz ýazmak

seret dyz

  • Ýylgyryp gobsundy, aýaklaryny uzadyp dyzyny ýazdy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

öýkesini ýazmak

seret öýke

  • Çerkeziň öýkesi nähili ýazjagyna akly ýetmän, birdenkä seslenenini hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Geregim, şonuň öýkesini ýazsaň hem biziň üçin uly sylag etdigiň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýere ýazmak

Ýüzin ýykmak, ýykmak.

  • Bars edil ok atylan ýaly bolup, onuň üstüne zyňýar, ýere ýazyp bokurdagyndan alýar, öldürdim edip taşlap gidýär. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

ýazmak3 işlik

[ýa:zmak]

  1. Bir zat ýerinden sypmak, çözülmek.

    • Gapan ýazypdyr, emma onuň üsti boşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Onuň köýneginiň iligi ýazypdyr.

  2. Ýerinden çykmak, döwülmek.

    • Onuň äňi ýazaýsa nätjek, alyň, onuň agzyndaky zady! -- diýdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Ondan soň ol nädip: -- Oňurgam ýazdy-la! -- diýip gygyrmasyn. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Başka ýana sowulmak, başga tarapa öwrülmek.

    • Ondan soň gürrüň başga tarapa ýazdy. Oýnuň soňunyň çyna ýazýanyndan seniň habaryň ýokmy? (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  4. Bagdan boşamak, daňydan sypmak.

akyldan ýazmak

seret akyl

  • Sen akylyňdan ýazaýan-a dälsiň?! («Kolhoz günleri»)