ýazgy

Ýazylyp goýlan hat, bir zadyň ýüzüne ýazylan gysgajyk tekst.

  • Rim we grek ýazyjylary bize bu taýpalaryň durmuşyny suratlandyrýan ýazgylar galdyrypdyrlar. (Orta asyrlar taryhy)

  • Şeýle ýazgyny beýleki taýaklara hem ýazdyryp, başga «dostlaryna» bagyşlandyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Bulary biri-birine garyşdyrmak ýa-da üstündäki ýazgylaryny çalşyrmak mümkin däldi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)