ýazgarmak işlik

[ýa:zgarmak]

  1. Nädogry edilen iş üçin käýemek, günäkärlemek, aýyplamak, garalamak.

    • Goý, meni il ýazgarsyn hem kowsun! -- diýip, ol pikire çümdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Brigadirler ýeri-ýerden ony berk ýazgardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Berk ýazgaryp mekdep bilen komsomol, Munuň ýala salgy berýär dogry däl. (A. Haýydow, Gök asman)

  2. Jeza bermek.

    • Maýam, menem kanun meni ondean hem beter ýazgarsyn. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)