ýazdyrmak1 işlik

Ýazmaga mejbur etmek, biriniň ýazyp bermegini gazanmak (hat, ýazuw hakda).

  • Derrew arza ýazdyrdym, Prawleniýäniň adyna. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

ýazdyrmak2 işlik

  1. Düşetmek, atdyrmak (düşek hakda).

  2. Ýygyrdyny düzletmek, büzülen ýerini tekizletmek, epinini dogrulatmak, gatyny açdyrmak, düýrümini ýazgyn hala öwürtmek; giň ýaýratdyrmak, pytratdyrmak (mata we ş. m. hakda).

  3. Seredip goýdurmak, serdirmek (geýim-gejim, düşek we ş. m. hakda).

ýazdyrmak3 işlik

[ýa:zdyrmak]

  1. Bir zady ildirilen ýerinden sypdyrmak, boşatmak, çözmek.

    • Ol köýneginiň ýeňleriniň iligini ýazedyryp, penjeginiň ýeňi bilen tirseginden geçirip çermedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Iliklerini ýazdyryp, gursagyny giň açyp, hat işi bilen meşguldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Ýerinden çykarmak, döwmek.

    • Onuň äňini ýazdyrdyňyz! -- diýdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Aşyklyny ýazdyrmak.

  3. Göçme manyda Başga ýana sowmak, öwürmek (gep, gürrüň we ş. m. hakda).

    • Atajanow bir gezek oňa bir ýanyny oýna, ikinji taýyny çyna ýazdyryp jogap gaýtarypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Oňa bir topar soraglar berip, gürrüňini gök ekinçilikden ýazdyrdym. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  4. Daňydan boşatmak, daňydan aýyrmak.

    • Ýük ýazdyryp, yssy ýatyşýança garaşmajak, alaç ýok! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Menzilme-menzil düşläp, ýük ýazdyrýarys. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

gulagyňy ýazdyrmak

seret gulak

  • Kimisi tüpeňine ok salýar, kimisi nyşana çenäp gulagyny ýazdyrýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)