ýaz

[ýa:z]

Gyşdan soň gelip, mart, aprel, maý aýlaryny öz içine alýan ýyl pasly.

  • Ýazyň ilki başynda olaryň öýleriniň töwereginde akly-garaly guzujyklar göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Çigreklije ýaz günleri başlandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Gyşy gyşlamasa, ýazy ýazlamaz. (nakyl)

  • Är-heleýiň urşy, ýaz gününiň ýagşy. (nakyl)