ýatyrmak işlik

  1. Uzynlygyna gyşartmak, süýndürip goýmak, kesertmek.

    • Meni göterip alyp gidip, öz öýünde bir mahmal körpeçäniň üstünde ýatyrdy. (Myraly)

    • Graf Dorrer onuň goltugyndan tutup, diwanyň üstünde ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Uka gidermek, uklatmak.

    • Çagany ýatyrmak.

  3. Ormak, ýygmak.

    • Gök deňiz ýaly meýdany ýaňlandyryp, dört sany traktor yzy senokosly ot ýatyryp ýör. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ot ýatyrmak we başga işlerde işleýän kolhozçylar gowaça otamaga çekilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Içine salyp goýmak, içine basmak (önüm duzlananda we ş. m.).

    • Pomidory duza ýatyrmak.

  5. Bes-etdirmek, duruzmak, togtatmak.

    • Men 1916-njy ýylda Horezmde bolan gozgalaňy ýatyrmaga gelen Galkinden gaçyp gaýtdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Maşyny ýatyrmak.

bagtyny ýatyrmak

seret bagt

  • Näme etjek bir pahyryň çagasynyň bagtyny ýatyryp, goý, ebtini agdyrsyn ýörsün! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)