ýatyşmak işlik

  1. Hemmesi ýataňkyrlamak, köpüsi ýatmak.

    • Oba ilaty ýatyşdy.

  2. Köşeşmek, düşüşmek, gowşaşmak, peselişmek, togtaşmak, kesilişmek.

    • Gaharyň ýatyşýança, goşum bir dursun! -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Häliden bäri öwüsýän gyzgyn şemal ýatyşdy. Jyňňyrdanda bulgurlar, sesler biraz ýatyşdy, Biraz salym içerde ümsümlik ara düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)