ýatmak işlik

  1. Bir ýerde ýa-da bir zadyň üstünde keserip gyşarmak, uzyn göwräň bilen kesermek, süýnmek.

    • Arabanyň üstüne dört gatlanan ýorgan atylyp, onuň üstünde bolsa bir aýal ýatyrdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Uka gitmek, uklamak, irkilmek.

    • Iş köp bolanda, giç ýatylýar. Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur. (nakyl)

  3. Bir ýerde bolmak, köp wagtlap bolmak, eglenmek.

    • Şol mülhit bize duşmadyk bolsa, bizi bu sazlygyň içinde on gün ýatamyzda kim biljekdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Çaryýew birnäçe günläp keselhanada ýatmaly boldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  4. Togtamak, kesilmek.

    • Daň saz berdi, ýel hem ýatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Agşamky ösen şemal gijäniň ýarymynda ýatypdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  5. Süllerip solup gitmek, guramak (biýara we ş. m. hakda).

    • Suwsuzlykdan gaty horlanan gawun ýatypdyr.

  6. Syrkaw bolmak, syrkawlamak.

ýatan çöpi galdyrmazlyk

seret çöp

  • Ýatan çöpi galdyrmaýan, Halha, seret, işläp otyr. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

ýatan ýeri ýagty bolsun!

seret ýer