ýatlatmak işlik

[ýa:tlatmak]

Ýadyna düşürmek, ýadyna salmak, göz öňüne getirtmek.

  • Çernyşowyň ýakymly sözi Artyga hemişeki Iwan Timofeýewiçi ýatlatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Iwan Timofeýewiç, sen nämäni ýatlatmak isleýärsiň?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Söwda gaýtarmak aýyp bor, oglum! -- diýip, däneden zyýan ýetmejegini ýatlatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýatlatmak - ýatladýar, ýatladar, ýatladypdyr.