ýat1

[ýa:t]

Aň-düşünjede, pikirde galan zatlary huşa getrip bilmek ukyby, huş, zehin, , .

  • Bu wagtlardaky durmuş biziň ýadymyza-da düşenokdy ahyry! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýadymda bar otuz ýyllar ozallar, Şol bag ýeri tozap ýatan aýtymdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýigidiň şu durşy edil awa göz dükýän bürgüdi ýadyňa salýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýat - ýadym, ýadyň.

ýat2

[ýa:t]

  1. Öz maşgalaňdan bolmadyk, garyndaş däl, keseki, özge, nätanyş.

    • Emma Gogol Italiýada-da özüni ýat we ýeke duýýardy. (N. B. Gogol, Eserler)

    • Çaýhanada ýat adamlar hem bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Biri ýa-da bir zat bilen ýakynlygy bolmadyk, garaýşy, duýgusy, düşünjesi boýunça daş bolan, üzňe bolan.

    • Tilki üçin maşyn, elbetde, ýatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýat - ýadym, ýadyň.