ýasatmak işlik

Bejerdip häzirletmek, bejerip taýyn etdirmek.

  • Bir zat ýasadýarlar, onsoň onuň ýarpy muzduny hem berenoklar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Aý şu günler üýşüp ýatan iş hem ýok, adamlar pil, kätmen ýasatmakdan bizar bolan bolmaga çemeli, şu günler hiç kim zat ýasadanok. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýasatmak - ýasadýar, ýasadar, ýasadypdyr.