ýasamak işlik

  1. Bejerip taýýar etmek, bejerip häzir etmek.

    • Oglanlar bu gezek öz ýanlary bilen ilkinji ýasan radiopriomniklerini hem alypdylar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Ol maşynyň detallaryny stanokda ýasady. («Pioner» žurnaly)

    • Alany haram bolmuş ussa, bu öýi gamakdan ýasadymyka, nämekä?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Grammatik termin Emele getirmek, döretmek.

    • Goşulmalar esasan söz ýasamaga we sözlemde sözleri biri-birilerine baglamaga hyzmat edýärler.

ýelk ýasamak

seret ýelk

  • Ýyrtyk çarygy bilen tozan turzup ýelk ýasap gitdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Olar bilen hoşlaşdy-da, öýlerine tarap ýelk ýasaýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)