ýasama

  1. Tebigy bolmadyk, hakyky dällik, emeli el bilen edilen, ýasalan.

    • Aslynda meniň umumy, ýasama bezegleri nähili ýigrenji görýänimi özüňiz gowy bilýärsiniz ahyry, Petr! -- diýip, sözüniň üstüne goşdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýasama Dişler.

  2. Çyn bolmadyk, ýalandan edilen, ýalan.

    • Ol özünde ýasama ünji döretmek üçin gaşlaryny çytdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Goja Çowdurowyň getiren mysallaryny Halapow öz ýasama logikasyna görä gurplurak hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Durdynyň ýüzündäki ýasama ýylgyryş el bilen alnyp taşlanan ýaly boldy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

    • Onuň sýužeti gyzyklandyrmak üçin, ýasama konfliktlere ýüzlenýän wagtlaryna-da duş gelmek bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ýasamadygy
  • ýasamadygyny
  • ýasamadyr
  • ýasamaly
  • ýasamalydyr
  • ýasamalyga
  • ýasamalygy
  • ýasamalygyň
  • ýasamalyk
  • ýasamany
  • ýasamanyň
  • ýasamasy
  • ýasamasynam
  • ýasamasyny