ýarymçyk ýa‧rym‧çyk

[ýa:rymçyk]

Ýarpy-ýalta, doly däl, doly bolmadyk.

  • Kitaplar ýazylman ýarymçyk galdy, Müňläp sahypalar tomda saraldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şol kagyzlaryň her birinde aýratyn üns bilen ýazylan, emma yzy gutarman ýarymçyk galdyrylan sözlemler görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Durdymyrady «çen edip görkezip bilerin» diýet umyt bilen Şirin ýüzüni birinji gezek ýarymçak açdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýarymçyk - ýarymçygy.


Duş gelýän formalary
  • ýarymçyklyk