ýarym ýa‧rym

[ýa:rym]

Bitewi bir zadyň deň ýarysy, bir zadyň deň ikiden bir bölegi, ýarpy.

  • Awgustyň ikinji ýarymydy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol ýarym sagat garaşandan soň oglanlaryň hemmesi ýygnandylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Bagt barha ýarym gijä golaýlap, sagat dili soňky öwrümine başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýarym güne ýaryş ýok. (nakyl)

ýarym aç

seret

  • Daýhanlar ýarym aç halda ýaşapdyrlar. (Gadymy Dünýä Taryhy)

ýarym ada

seret ada

  • Çeleken ýarym adasy.

  • Balkan ýarym adasy.

ýarym adam

seret adam

ýarym ýalaňaç

seret ýalaňaç

  • Olaryň hemmesi üflis egin-eşikli, köpüsi bolsa ýarym ýalaňaçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýarym-ýaş bolmak

seret ýaş 1

  • Jan gelnim, jan gelin, oglum gelýänça agtygymy eltjek bolma! -- diýip, ýarym-ýaş bolup, gelniniň aýagyna ýykyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýaryma
  • ýarymam
  • ýarymdan
  • ýarymdyr
  • ýarymja
  • ýarymlar
  • ýarymly
  • ýarymlygyna
  • ýarymlyk
  • ýarymy
  • ýarymydy
  • ýarymyna
  • ýarymynda
  • ýarymyndaky
  • ýarymyndan
  • ýarymyny
  • ýarymyny-da
  • ýarymynyň
  • ýarymyň