ýarylmak işlik

[ýa:rylmak]

  1. Jaýryk-jaýryk bolmak, jaýrylmak, uzynlygyna bölünmek.

    • Batly inýän paltanyň zarbyna agaçlar parka-parka ýarylýardy.

  2. Terlikden ýa-da başga bir güýjüň täsiri zerarly çat açmak, ýaryk emele gelmek, döwülmek.

    • Ter gawunlaryň käbiri dilim alnan ýaly ýarylyp, käbiriniň syrty jaýrylyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Dodaklary ýarylypdyr, Çölde teşnelikden ýaňa. (A. Atajanow, Permanyň mamasy)

  3. Deşilip iriňi çykmak, çişip, dömüp deşilmek (ýara, çiş we ş. m. hakda).

    • Onuň boýnundaky çyban ýarylypdyr.

    • Barmaga çykan ýörülgen ýaryldy.

    • Möjegiň garny ýarylypdyr.

  4. Partlamak emele gelmek, partlamak.

    • Prezidium stolunyň ýanynda ýarylan granat stol üstündäki pelteli çyrany-da özüniň elgini, tozany bilen söndürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Top oklary ýarylyp, tozan turuzmaga başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ok-därili skladkar ot alyp, äpet-äpet sisternalar ýaryldy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  5. Böwsülmek.

    • Ahyr soňy böwet ýaryldy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

  6. Göçme manyda Ogurlanan bolmak, ogurlanmak (öý, dükan we ş. m. hakda).

    • Iki hepde mundan öň bir magazin ýarylypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  7. Göçme manyda Söze başlamak, içiň dökmek.

ýarylaýjak bolmak

Gaty gaharlyň gelmek, içi-içine sygmazlyk.

  • Ol gaharyndan ýaňä ýarylaýjak bolup: -- Ol indi gelip bolandyr! -- diýipdir. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Myrat Meredow öýüne gelýärkä, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

zähresi ýarylmak

seret zähre

  • Annaguly muňa zähresi ýarylan ýaly arkan serpildi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýarylan
  • ýarylana
  • ýarylanda
  • ýarylandan
  • ýarylandygy
  • ýarylandygyny
  • ýarylandyr
  • ýarylanmyş
  • ýarylanok
  • ýarylansoň
  • ýarylar
  • ýarylara
  • ýarylardy
  • ýarylarly
  • ýarylary
  • ýarylaryna
  • ýarylaýjak
  • ýarylaýma
  • ýarylaýmagy
  • ýarylaýmasyn
  • ýarylaýsa
  • ýarylaýyn
  • ýaryldy
  • ýaryldy-da
  • ýaryldym
  • ýaryldymy
  • ýaryljak
  • ýaryljakdygyny
  • ýarylma
  • ýarylmady
  • ýarylmadyk
  • ýarylmaga
  • ýarylmagy
  • ýarylmagydyr
  • ýarylmagyna
  • ýarylmagynda
  • ýarylmagyndan
  • ýarylmagyny
  • ýarylmagynyň
  • ýarylmagyň
  • ýarylmak
  • ýarylmakdan
  • ýarylmalara
  • ýarylmaly
  • ýarylman
  • ýarylmandy
  • ýarylmandyr
  • ýarylmasy
  • ýarylmasyn
  • ýarylmasynda
  • ýarylmasyndan
  • ýarylmasyny
  • ýarylmasynyň
  • ýarylmazdy
  • ýarylmazlygy
  • ýarylmazmy
  • ýarylmaýan
  • ýarylmyş
  • ýarylsa
  • ýarylsa-da
  • ýarylsyn
  • ýarylyp
  • ýarylypdy
  • ýarylypdyr
  • ýarylypdyr-da
  • ýarylyň
  • ýarylýan
  • ýarylýandygyny
  • ýarylýany
  • ýarylýança
  • ýarylýar
  • ýarylýardy
  • ýarylýarlar