ýarmak işlik

[ýa:rmak]

  1. Çapyp, kesip bölek-bölek etmek, kesmek.

    • Onuň yzyndan gawun ýaryp keseleýärler, bedre doly akşekerek üzümiň üstüne sowuk suw guýup iýmäge başlaýarlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Garnyny ýaryp, içini-bagryny arassaladylar. («Görogly» eposy)

  2. Partlama döredip weýran etmek, kül-uşak etmek, partlatmak.

  3. Agyz salyp dişlemek, dişlerini geçirip ýara salmak (it hakda).

    • Her näme-de bolsa, Gulman arçynyň ýarak gaýyňy şol günden beýläk köçeden geçenlere topulmasyny we aýal-uşaklary ýarmasyny ymykly taşlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Seniň bolşuň nätüýsli, itiň ýaranyny çagalardan görýärmiň, ýogsam hem gören ýerde entäp ýörseň item ýarar, guş hem. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Ogurlyk etmek, ogurlap almak, ogurlamak.

    • Ogry bir kolhozçynyň öýüni ýarjak bolandyr ýa-da gapysyndaky malyny kesjek bolandyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  5. Göçme manyda Böwsüp geçmek, böwüsmek.

    • Aňňat-aňňat gumlaň ýaryp göwsüni, Ýaryşyp işleýär hiç biri durman. (N. Pomma, Goşgular)

bagty daş ýarmak

seret bagt

  • Onuň bagty daş ýardy. («Tokmak» žurnaly)

dil ýarmak

seret dil 2

  • Myhman ýeri habar soraýança, myhmanyň dilini ýarmagy aýyp sanalýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen ol barada hiç ýerde hiç kime diliňi ýaraýmagyn! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

zähresini ýarmak

seret ýüregini ýarmak

  • Ýa walla, ýüregimi ýardyň! (D. Agamämmedow, Goşgular we pýesalar)


Duş gelýän formalary
  • ýaraly
  • ýaram
  • ýaramok
  • ýaran
  • ýaranam
  • ýaranda
  • ýarandan
  • ýarandy
  • ýarandygy
  • ýarandygyny
  • ýarandyklaryny
  • ýarandyr
  • ýaranlar
  • ýaranlaram
  • ýaranlary
  • ýaranlarymy
  • ýaranlarymyz
  • ýaranlarymyza
  • ýaranlarymyzy
  • ýaranlarymyzyň
  • ýaranlaryna
  • ýaranlarynda
  • ýaranlaryndan
  • ýaranlaryny
  • ýaranlarynyň
  • ýaranlaryň
  • ýaranlyga
  • ýaranlygy
  • ýaranlygyň
  • ýaranlyk
  • ýaranlykda
  • ýaranmy
  • ýaranmyş
  • ýaranok
  • ýaranokmy
  • ýaransoň
  • ýarany
  • ýaranydyr
  • ýaranym
  • ýaranyna
  • ýaranyny
  • ýaranynyň
  • ýaranyň
  • ýaranyňyz
  • ýarar
  • ýarar-da
  • ýarara
  • ýarardy
  • ýarardyk
  • ýararly
  • ýararmyka
  • ýararsyň
  • ýarary
  • ýararyn
  • ýararça
  • ýarasy
  • ýaraýan
  • ýaraýjak
  • ýaraýmagy
  • ýaraýsa
  • ýaraýsaň
  • ýaraýyn
  • ýaraňokmy
  • ýardam
  • ýardy
  • ýardylar
  • ýardylarmy
  • ýardym
  • ýardymy
  • ýardyr
  • ýardyň
  • ýardyňyz
  • ýarjak
  • ýarjakdy
  • ýarjakdym
  • ýarjakmy
  • ýarjyk
  • ýarlary
  • ýarlarym
  • ýarlarymdan
  • ýarlarymy
  • ýarlarymyň
  • ýarlarynda
  • ýarlaryndan
  • ýarlaryny
  • ýarlarynyň
  • ýarlaryň
  • ýarlaryňdan
  • ýarlygy
  • ýarlygyndan
  • ýarlygyny
  • ýarlygyň
  • ýarlyk
  • ýarlyklary
  • ýarlyklarynda
  • ýarlyklaryndan
  • ýarlyklaryny
  • ýarlyklaryň
  • ýarma
  • ýarma-da
  • ýarmady
  • ýarmadyk
  • ýarmadylar
  • ýarmadym
  • ýarmaga
  • ýarmagy
  • ýarmagyna
  • ýarmagyň
  • ýarmajagym
  • ýarmak
  • ýarmaklyk
  • ýarmalar
  • ýarmalara
  • ýarmalardan
  • ýarmalary
  • ýarmaly
  • ýarmalyk
  • ýarman
  • ýarmandy
  • ýarmansoň
  • ýarmansyň
  • ýarmany
  • ýarmanyň
  • ýarmasaň
  • ýarmasy
  • ýarmasyndan
  • ýarmasyny
  • ýarmasynyň
  • ýarmaz
  • ýarmazdyk
  • ýarmazlyga
  • ýarmazlygy
  • ýarmazlyk
  • ýarmaýar
  • ýarmaýarlar
  • ýarmaň
  • ýarmyş
  • ýarsalar
  • ýarsaň
  • ýarsyn
  • ýarsynam
  • ýaryp
  • ýarypdy
  • ýarypdyr
  • ýarypdyňyz
  • ýaryň
  • ýarýan
  • ýarýanlardan
  • ýarýar
  • ýarýardy