ýarma

[ýa:rma]

  1. Iri üwelen däne (bugdaý, jöwen we ş. m. hakda).

    • Kimisi ýarmany halta salýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Maral bilen Bibi ýarma ýarmaga gitdi.

  2. Şol üwelen däneden gaýnadylyp bişirilýän goýy nahar.

    • Nabat hem gelip, özüne bir kiçijik okara guýnup, ýarma içmäge başlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Men hoşadan gelip, çagalara ýarma bişirip bermäge durdum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Parh bilmeze ýarma-da bir, köje-de. (nakyl)