ýaratmak işlik

  1. Emele getirmek, döretmek.

    • Jan alyp, jan berip, Watany döretdi, Gaýduwsyz gahryman ärler ýaratdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Ýogy ýaradyp bolmaz. (nakyl)

  2. Ýararly etmek, derkar etmek, derege geçirmek.

    • Ony men näme ýaradaýyn? ! («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaratmak - ýaradýar, ýaradar, ýaradypdyr.