ýaranmak işlik

  1. Biriniň göwnünden turmak, bir zat edip, biriniň islegini kanagatlandyrmak.

    • Mamagül onuň öňünde öňürdikläp hem, ýalbaryp hem ýaranyp bilmedi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Walla, Nurtäç eje, men -- ä size ýaranyp bilmedim! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýalynjalyk etmek, gowy görünjek blmak.

    • Ylýas töräni taryplamak bilen Gulman arçyna ýarandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)