ýaranjaňlyk

Ýaranjaň bolmaklyk, birine ýaranjak bolup ýörmeklik, ýalynjalyk, ýaramsaklyk.

  • Her haýsy oňa ýaranjaňlyk edýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol bize parahatçylyk, asudaçylyk getirdi! -- diýip, ýaranjaňlyk bilen oýnaklaýan gözlerini güldürdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaranjaňlyk - ýaranjaňlygy.