ýaramly

  1. Derde ýaraýan, belli bir talaba laýyk bolýan, bir islegi kanagatlandyrýan.

    • Ýeri, ýeri haýyrly bolsun, bize ýaramly bolsun! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýokumly, mazaly, lezzetli.

    • Ýaramly suw.

    • Ýaramly howa.

  3. Göwne ýakymly, amatly, oňaýly, göwnejaý.

    • Ol oba adamlary üçin ýaramly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Olar edip oturan gürrüňlerini goýup, oňa ýaramly sözler agtarýardylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol örän hoşamatly we ýaramly bolup görünmek üçin bu zatlaryň baryny etmelidir diýip düşünýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)