ýaramak işlik

  1. Maza bermek, hezil bermek, ýaramly bolmak, ýakmak.

    • Neneň, kurort ýaraýarmy?! Näçe semrediň?! -- diýip soraýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Belli bir talaba laýyk bolmak, peýdaly bolmak bir islegi kanagatlandyrmak.

    • Maňa bolsa edil alçaly ýag ýaly ýaraýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Diňe bir ýagtylygy däl, hep-hezillik, hemme zada-da ýarap dur. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Gowy görmek, göwnünden turmak, halamak, islemek.

    • Täzegülüň aýdýan zatlary maňa gaty ýrady. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

    • Olar-göwnüňize ýaranyny alyň! -- diýýärler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  4. Gurby, taby bar bolmak.

    • Şol kempiriň özi şu ýere gelmäge ýaraýarmy? («Görogly» eposy)