ýarag at

  1. Goranmak, aw etmek ýa-da bir zady kesmek we ş. m. üçin ulanylýan esbap (tüpeň, pyçak we ş. m.).

    • Ata däli, Artyga golaý baryp: -- Sapançany bäri alsana, walla! Ýaragdan oýun bolmaz ahyry! -- diýip ýalbardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Nepes agany Gadamyň ýaragynyň astyna bermäň! Goý, ony başga biri operasiýa etsin! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

    • Olaryň biri aýal- biri-de erkek adam, ýanlarynda oraklaryndan başga ýaraglarynyň ýoklugy belli. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Belli bir maksada ýetmek üçin gerekli bolan serişde.

    • Birdenkä-de Nurjan peýda bolagadan: -- Her bolar-bolmazyň eline ýarag bolup düşýän oýnatgy eneden geçýän! -- diýäýse, Akmaýa diriligine ölmezmidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň göreş ýaragyna öwrüljegine hem men ynanýaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

sowuk ýarag

Pyçak, gylyç we ş. m. ýaraglar.