ýaraşyk1 at

  1. Töreleşen adamlaryň arasynda geçirilýän barlyşyk, agzybirlik.

    • Öýkeleşeniň ýaraşygy şonda bolup biler, haçan ýaşňyşan tarap öz ýalňyşyny aňlap, ýalňyşanyny düzetmek üçin ýüreginde güýçli isleg dörese, şonda ol ýol hem tapar, ugur hem. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Uruş, sögüş, emma ýaraşyga ýer goý. (nakyl)

  2. Uruşýan döwletleriň arasynda urşy ýatyrmak üçin geçirilýän ylalaşyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaraşyk - ýaraşygy.

ýaraşyk2 at

  1. seret gelşik

    • Märekäniň ýaraşygy, Toý-baýramyň hozanagy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Işledikçe artýar gaýraty onuň, Ol guwanjy, ýaraşygy jülgäniň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Mynasyplyk, mahsuslyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaraşyk - ýaraşygy.