ýaraşmak1 işlik

  1. Tersleşen adamyň bilen barlyşmak.

    • Men seniň bilen ýaraşmak üçin geldim. Sen meni bagyşla! («Sowet Edebiaýaty» žurnaly)

    • Ine gördüňmi, Durdy, Artyk bilen seniň ýaraşjakdygyňy men öňünden bilýärdim! -- diýdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

  2. Uruşýan taraplaryň arasynda urşy ýatyrmak üçin ylalaşyk etmek.

ýaraşmak2 işlik

  1. Gowy gelmek, gelşikli bolmak, görk bermek, gelişmek.

    • Onuň şu sypatyna ýraşyp duran ezýaka ak köýnegi bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Mynasyp bolmak, mahsus bolmak, has bolmak.

    • Demirgyra ýaraşypmy biziň yzymyzdan kowup ýetmek! («Görogly» eposy)

    • Ýaman iş ýaman adama ýaraşar! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)