ýara at

Beden dokumalarynyň kä ýerinde belli bir täsir netijesinde ýetýän şikes, bedeniň şikes ýeten ýeri.

  • Naýza bilen, gundag bilen kän urup, Bedene köp ýerden saldylar ýara. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ýaralylaryň köpüsiniň ýarasy ýeňledi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Batyr ýarasyz bolmaz. (nakyl)

dil ýarasy

Ýakmaz söz, göwün ynjadyjy söz.

  • Gider ynjalygyň bolmaz heziliň, Diýerler bitmezmiş ýarasy diliň. (A. Kekilow, Söýgi)

ýara simlemek

Ýara zarbygyp iriňlemek, berçigip çişmek, beterlemek.

ýarasyna deglen ýaly bolmak

Gaty ynjamak, örän güýçli täsir etmek.

  • Bu söz ussahananyň müdiri Guzubaýewe biçak ýokuş degdi, onuň ýarasyna deglen ýaly boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýarasyna duz sepmek

Dert üstüne dert goýmak.

  • Ol ýaranyň üstüne duz sepen ýaly bolup duýuldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýarasyny gozgamak

Derdini gozgamak, oduny ölçermek.

  • Ýaramy gozgama, ýer çeken! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüregine ýara salmak

seret ýürek1