ýapynja

  1. Egne ýa-da malyň üstüne atmak üçin keçeden edilýän daşky geýim, örtük.

    • Atlaryň arpalaryny ogurlamaga gidende hem ýapynjasyny edil adam ýatan ýaly edip wahmistr agany-da aldardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Olaryň ikisiniň-de eginler ýapynjalydy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Gepleşik dili Geýim-gejim, ýorgan-düşek.

    • Ýogsam haw, şol wagtlarky ýagdaýyny özüňiz bilýärsiňiz, her kim öz maşgalasyna döwüm çörek, el ýaly ýapynja tapyp bilse razydy ahyry. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Şeýle bolsa-da, öýüniň düşegi bir gaty palas, ýapynjalary hem ýüzlügi çaşyp, ýüňleri tozgalaşyp duran iki sany ýorgan boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  3. Gepleşik dili Başatgyç, bürenjek.

    • Aýnur eje ýaşyl ýapynjasyny atynyp, olaryň ýanyna bardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • ýapynjada
  • ýapynjadan
  • ýapynjalar
  • ýapynjalary
  • ýapynjalarynyň
  • ýapynjaly
  • ýapynjalydy
  • ýapynjamy
  • ýapynjamyz
  • ýapynjanam
  • ýapynjany
  • ýapynjanyň
  • ýapynjasy
  • ýapynjasyn
  • ýapynjasyndan
  • ýapynjasyny
  • ýapynjasynyň
  • ýapynjasyz
  • ýapynjaň
  • ýapynjaňy