ýapylmak işlik

  1. Ykjam beklenmek, ýapyk bolmak.

    • Ýapyl, sandygym ýapyl! (D. Agamämmedow, Goşgular we Pýesalar)

    • Koridoryň gapysy bat bilen açyldy-da, şarkyldap ýapyldy we «jark-jark» edip gelýän aýak sesi eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gulplanmak, baglanmak, beklenmek.

    • Wagonlaryň gapylary berk ýapyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Magazin ýapyldy.

  3. Üsti örtülmek, üsti basyrylmak.

    • Täze tamyň üsti örän oňat ýapyldy.

  4. Göçme manyda Günä, gara we ş. m. zatlar ýüklenmek.

    • Günä ýapylmak, şyltyk ýapylmak.

  5. Işlemegi bes etdirilmek, ýatyrylmak.

    • Şäherdäki ownuk dükanlar ýapyldy.

  6. Gutarylan bolmak, bes etdirilmek, tamamlanmak.

    • Mejlis ýapyldy.