ýapyk

  1. Açyk däl, ýapylyp goýulan.

    • Başlyk bukjany açandan, kelebekleriň biri pysyrdap uçdy we baryp ýapyk äpişgäniň aýnasyna özüni urdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Şeýlemi, onda birazajyk duruň! -- diýip, ýapyk duran içki tama girip, ýene tiz çykdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Gulply, bagly, bekli.

    • Emma bu güpür-tapyra Baharyň ejesi oýanypdyr we ol: -- Bahar! -- diýip, ýapyk işigi itekläp, şakyrdatmaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Üsti örtülen, üsti basyrylan.

    • Ol üsti ýapyk dalan girdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  4. Kesekiler üçin barmak bolmaýan, başgalar üçin gadagan bolan, gizlin.

    • Aýda ýügrimi gezek ýapyk mejlis geçirilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýapyk - ýapygy.

ýapyk bogun

seret bogun