ýapyşmak işlik

  1. Eliň bilen pugta tutmak, asylyşmak.

    • Men onuň düýesiniň owsaryndan ýapyşdym, berjek boldum. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Meniň ýakamdan bolsa ýaňky gygyryp gelen pyýada iki eli bilen ýapyşdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ol çalasynlyk bilen baryp, ýüpe ýapyşdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Degip ýelmenmek, ýelmeşmek, tutmak.

    • Degdi-de şapba ýapyşdy, dodagym dodagyňa. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  3. Bir işi ýerine ýetirmäge ykjam girişmek.

    • Söýgüli kärine ýapyldy her kim, Beýik gurluşyga başlady halkym. (A. Kerkilow, Saýlanan eserler)

    • Ýoly ýörän ýeňer, işi-ýapyşan. (Hakyl)

  4. Ýapmaga kömekleşmek, bişirmäge kömek etmek (çörek, çelpek we ş. m. hakda).

    • Şu gün Jamaly gaýtarýarlar, şonuň çelpegini ýapyşmaga barýan! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  5. Bir zadyň üstüni örtmäge, basyrmaga kömekleşmek.

    • Tamyň üstüni ýapyşmak.

ýapraga ýapyşmak

seret ýarag

  • Ýaraglylar ýaraglaryna ýapyşdylar. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)