ýapy1

Depäniň ýa-da depä meňzeş beýikligiň kem-kemden aşak inýän peselip gidýän ýeri, ýapgyt ýeri.

  • Martyň başlary ýylakly gumuň ýapylary ýaşyl öwüsýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hoşgeldi ýapyda hem dagda ekilýän düme ýazlyk ekini barlamaga ugramakçy boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Agyr süri garşysyndaky ýapynyň ýüzüne ýaýrap, göýä kyrk horuna turan gurçuk ýaly örän işdemän, dünýänden tebilsiz otlap ýördi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

ýapy ýaly pyýada

seret pyýada

  • Annaguly söwedeň, garaýagyz, burunlak ýapy ýaly pyýada bolup ýetişdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýapy2

  1. Krowatyň we ş. m. üstüne ýapmak üçin ýörite edilýän mata bölegi, örtgi.

  2. Bir zadyň agzyna ýapylýan gapak, bir zadyň agzyna ýapmak üçin edilen ýörite enjam.

  3. Ýara ýa-da agyrýan ýeriňe ýapylýan dermanly bint, melhem.