ýaprak at

  1. Ösümlikleriň howadan iýmitlenmegi hem-de gaz çalşygy üçin hyzmat edýän ýukajyk gök organy.

    • Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar ýalpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Eliň ýüzi ýaly ýasy ýapraklar paşçarylyşyp gabarylýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Suwly ýabyň boýundaky uzyn deregiň kümüş ýaly lowurdaýan ýapraklary ertiriň şemaly bilen oýnaklaşýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Aýal-gyzlaryň köýnekleriniň öňüne dakynýan ýapraga meňzeş kümüş şaýy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaprak - ýapragy.