ýapbaşyk

Ýemşik, ýepbeşik.

  • Pökgi walanyň dylçaryp duran ýaňaklary tisgindi, ýapbaşyk burny müňküldedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Han küýliniň başynda ýapbaşyk gara telpek, egninde köne penjek, aýagynda bolsa elmydama köne çokaýy bilen pagtaly balagy bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýapbaşyk - ýapbaşygy.