ýapaşak

[ýapaşa:k]

  1. Ýapgyt ýer, aşaklygyna eňňit ýer, eňňit, ýapy.

    • Maşyn ýapaşakdan düşüp bilmedi.

  2. Ýokardan aşak, aşaklygyna.

    • Çerkeziň gökje taýharynyň keýigiňki ýaly ýitije toýnaklary kötel ýodajygyň kä ýerine çümüp, kä ýerde gyýçak gara daşlara ilgençek ýaly ilip, hatarly ýerlerde aýaklary wawaly ýaly ätleýärdi-de, Çerkezi ýapaşak alyp gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Hoşgeldi: -- Ine, gördüňizmi, ýapaşak inýän siliň edýän işini! -- diýip, gaty ses bilen gürledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýapaşak - ýapaşagy.