ýap

[ýa:p]

Suw goýbermek, akdyrmak üçin çuň bolmadyk aryk.

  • Şol obanyň ortasyny bölüp geçýän kiçijik ýabyň ýalpajyk, durnaň gözi ýaly suwy buldurap, şagyrdy bilen seslenip akýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Biri ýerin dörüp, birisi ekýär, Biri ýabyn gazyp, kartasyn çekýär. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Ýap näçe arassa bolsa, şonça hem suw gowy akyp, ekinlerimizi tiz suwarar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýap - ýabym, ýabyň.