ýanmak işlik

  1. Ot alyp tutaşmak, otlanyp tutaşma.

    • K. Ogulgerek oduň tüsseläp ýanmagyna garaman, öýüň sepgidini çekdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Hälki ýanýan küdäniň ýanyna bardylar, emma Aýtguludan derek tapyp bilmediler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Ýagty bermek, yşyk bermek, yşyklanmak.

    • Ýalpyldap ýanýan elektrik çyralary Gumdagyň köçelerini gündüzlige öwrülýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Ot ýa-da başga bir gyzgyn zadyň täsiri zerarly bişip pökgermek, gabarmak, köýmek.

    • Gaýnan suwf dökülip, onuň aýagy ýanypdyr.

  4. Günüň howry zerarly garalmak.

    • Begenjiň bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  5. Göçme manyda Horluk çekmek, azap çekmek, jepa çekmek, gam-gussa çekmek.

    • Seni gözümem görmesin, janymam ýanmasyn! -- diýip, ony çuwalyň düýbüne goýberdim. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

gününe ýanmak

seret gün

oduna ýanmak

Biriniň ugrunda heläk bolmak, köýüp-bişmek.

ýoguna ýanmak

seret ýok2

  • Munuň tizräk ýoguna ýanmak gerek! (A. Gowşudow, Mähiri-Wepa)