ýanlyk

[ýa:nlyk]

Gatyk ýaýmak, toşap guýmak üçin geçi derisinden ýörite edilýän gap.

  • Her jaýyň gapysynda bolsa ýanlyk germek üçin ýörite dikilen agaçlar wardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ondan soň geçi agşam süýdüni bişirip, basyryp, gowy gatykdan bir ýanlyk edip, ertesi arkasyna göterip, kazynyň ýanyna gidipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýanlyk - ýanlygy.