ýanjyk

[ýa:njyk]

seret ýanbaş

  • Özümizem bilýäs, ýanjygyň ýazmadyk bolsa, köçeden aýlan-da geçäý! -- diýdiler. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýanjyk - ýanjygy.

ýanjyk1

[ýa:njyk]

Içine ony-muny salmak üçin gaýyşdan tikilýän gapjyga meňzeş gap.

  • Poşçy oňa ýanjygyndan çykaran hatyny uzatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol şol hemişeki ak donuny geýnip, däri guty, serkeç, ýanjyk, çakmak demri diýen gadymy zamanyň esbaby bolan aňry-bäri, şakyr-şukurlary guşagyndan asyşdyrypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýanjyk - ýanjygy.