ýanjamak işlik

  1. Teýeneli gyjalat bermek, bir zady birsyhly gaýtalap durmak, köp agzamak.

    • Her sözüň arasyna söz goşup: -- Päheý, ýagşy hem bir gürrüň tapdyň! -- diýip, ýanjap duran Pökgi wala gykylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Gerk-gebe bolmak, ganmak, doýmak.

    • Goýunlar günaşymyndan gelip, guýynyň sowuk suwuny ýanjap-ýanjap içipdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Artyk eken ýerlerini ýanjap suwaranlarynda, biziň şüdügärimiziň çeti tozap ýatarmydy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)